“Altyn Ýunus” eksportyň möçberini artdyrýar

“Altyn Ýunus” eksportyň möçberini artdyrýar

Işewür Maksat Öwezowyň ýolbaşçylyk edýän “Altyn Ýunus” hususy kärhanasy şu ýyl “Ýunus” we “Melek” haryt nyşanly süýji-köke önümleriniň 130 tonnadan gowragyny goňşy döwletlere eksport etdi.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, ýakynda kärhanada köke önümleriniň täze görnüşiniň köke-waflileriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle-de bu ýerde geljekde şokolad önümleriniň önümçiligini ýola goýmak we süýji önümleriniň görnüşlerini has-da artdyrmak meýilleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, kärhana Türkiýäniň we Ýewropa döwletleriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhanadaky barlaghananyň hünärmenleri tarapyndan önümleriň hiline doly derejede gözegçilik edilýär.

Mundan başga-da, “Altyn Ýunus” birnäçe daşary ýurtly öndürijileriň distribýutory bolup durýar. Bu ugurda ýörite taýýarlanan topar işleýär, daşary ýurtlardan getirilýän önümler bilen ýurdumyzyň ähli künjegindäki söwda nokatlaryny üpjün edýär.

Türkmen bazarynda 10 ýyldan bäri iş alyp barýan Altyn Ýunus hususy kärhanasynda 150-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Ýene degişli makalalar

Gaza zolagynda ot açmazlyk baradaky ylalaşyk güýje girdi
Ysraýylly 3 Ýesir Boşadyldy
Hamas Ysraýylyň bombardymanynda öldürilen dört ýesiriň jesedini gowşurdy
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gaza garşy hüjümlerini güýçlendirýär
Ysraýylyň harby goşuny ylalaşyga garamazdan Gazany bombalady
2025 Türk diline hyzmat baýraklary eýelerine gowşuryldy
Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi