Altyn Ýunus kärhanasy Täze ýyl üçin sowgatlyk gapda baýramçylyk süýjüliklerini öndürdi

Altyn Ýunus kärhanasy Täze ýyl üçin sowgatlyk gapda baýramçylyk süýjüliklerini öndürdi

Ähli çagalar we ulularyň köpüsi süýjülikleri gowy görýärler. Elbetde, şähdiňi açmak üçin özüňi süýjülikler bilen begendirmekden başga gowy zat bolup bilermi?

Altyn Ýunus hususy kärhanasy islegiňize görä süýji öünmleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Golaýda Ýunus haryt nyşany bilen giňden tanalýan azyk harytlarynyň görnüşleri Belgiýanyň tehnologiýasy esasynda döredilen özboluşly şokolad önümleri bilen artdyryldy. Täze önümleriň hatarynda şokolad batonjyklary, şokolad ýumurtgalar, şokolad örtükli wafliler, öýjükli şokoladlar, çöpli süýjüler we beýlekiler bar.

Altyn Ýunus kärhanasy Täze ýylyň öňüsyrasynda sowgatlyk gapda baýramçylyk süýjülikleriniň tutuş tapgyryny çykardy. Olaryň arasynda öýjükli süýtli şokoladlar, Aýazbabanyň, Garpamygyň, şeýle hem ýetip gelýän 2023-nji ýylyň nyşany Towşanyň şokoladdan taýýarlanan şekiljikleri bardyr.

Süýjülikleri iýmegi gowy görýänleriň ählisi gowrulan arahisli, nogully we karamelli, galyň şokolad örtügi bilen örtülen ýokumly Springa şokolad batonjygynyň tagamyna ýokary baha bererler. Onuň hurşunda örän köp arahis bar, ol bolsa günüň dowamynda: okuwda, işde, gezelençde ýa-da ýolda energiýa ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga ýardam eder.

Mundan başga-da, Hozzi we Honi haryt nyşanlary bilen hozly hurşy bolan şokoladlar tanyşdyryldy. Aýratyn gaply şokolad batonjygyndan başga-da, süýjüligiň bu görnüşi toplum görnüşinde hem ýerlenilýär. Springa Paked Candies toplumynda kiçi şokolad süýjüler hersi 200 gramlyk ýumşak gaplarda hödürlenýär.

Broly şokolad batonjygy çäksiz lezzet berer. Kokos huruşly gara şokoladyň düzüminde örän köp kletçatka we peýdaly ýag kislotalary bar, olar holesteriniň derejesini peseltmage ýardam edýärler. Şeýle hem kokos huruşly süýjülikleriň hatarynda Coco San haryt nyşanly batonjyklar hem bardyr.

Ýumşak şokoladyň muşdaklary üçin Tower batonjygy öndürildi, ol ýumşak noguly bilen tapawutlanýar. Şeýle-de Sundey, Todino, Bäşlik, Bilyard, Atom, Bubbly, Sowgat, Çempion, Glory we beýleki şokolad batonjyklary dürli tagamlary bilen alyjylara lezzet bererler.

Ýatlatsak, Altyn Ýunus HK Türkmenistanda öz işini 2014-nji ýyldan bäri alyp barýar. 2020-nji ýyldan başlap, öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrmak bilen, kompaniýa un we şokolad önümlerini hem çykaryp başlady.

Ýerli şokolad we şokolad önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini ýokary netijeleri görkezýär we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi artdyrmak işine uly itergi berýär. Häzirki günde Türkmenistanda öndürilýän şokolad köp sanly daşary ýurtly haryt nyşanlarynyň konditer önümleri bilen bäsleşmäge ukyplydyr.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Iň gowy mekdep kitaphanasy atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
Hoja Ahmed Ýasawynyň ömrü we döredijiligi we onuň Diwany Hikmet atly eseri
Ysraýylyň, Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 25 Müň Adamdan Geçdi
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Soňky 24 Sagatda Guran Hüjümlerinde Ýene-de 112 Palestinaly Ýogaldy
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär