Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gaza zolagyndaky gyrgynçylygyny dowam etdirýär

Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gaza zolagyndaky gyrgynçylygyny dowam etdirýär

Ysraýylyň harby uçarlary bosgun düşelgelerini bombalady, ýaşaýan ýerlerinden mahrum bolan adamlaryň sygynan adamlary nyşana aldy, Gazanyň demiragzygyndaky Al-Nafak köçesinde öýleriň birine hüjüm gurady.

Bäbeklere we çagalara hüjüm guran Ysraýylyň harby güýçleri 1 çagany öldürdiler.

Ysraýylyň goşuny Nusaýrat bosgun düşelgesinde asuda ilatyň sygynan mekdebe howadan, Bureýj bosgun düşelgesiniň demirgazygyna bolsa gury ýerden hüjümler gurady.

Hüjümlerde aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan köp sanda palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň goşunyna degişli dikuçarlar Deýr al-Belahyň gündogaryndaky Selahaddin köçesini bombalady.

Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde geçen hepde bombalanan öýüň harabalyklarynyň aşagyndan şol bir maşgaladan 11 adamyň jesedi çykaryldy.

Raýat goranyş toparlarynyň Ysraýylyň päsgel bermegi sebäpli wagty bilen çykaryp bolmadyk maşgaladan, öldürilen adamlaryň arasynda çagalar hem bar.

Rafah şäherine guralan hüjümlerden soň gözleg we halas ediş toparlary, ýumrulan binanyň harabalygynyň aşagyndan 3 adamyň jesedini çykardylar.

Ysraýylyň goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri öldüren palestinalylaryň sany 40 müň 435 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 93 müň 356 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly öldi, ençeme palestinaly ýaralandy
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy
Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde alty adam ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde 3 palestinli ýogaldy
Ysraýyl Gazada ýene-de 4 palestinlini öldürdi
Ysraýyl Gazada ýene-de 12 palestinlini öldürdi