Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy

Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy

Ysraýylyň Gazanyň günortasyndaky polis merkezini nyşana alan howa hüjümlerinde biri çaga 6 palestinli ýogaldy, birnäçe adam hem ýaralandy.

Saglygy goraýyş işgärleri Ysraýylyň Gazanyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus etrabynda iki polis merkezine howa hüjümini gurandygyny habar berdi.

Hüjümde üç polis bilen biri çaga asuda ilatdan üç adamyň ýogalandygy, 4 adamyň ýaralanandygy bellenildi.

Ysraýylyň şenbe güni ertiriň irki sagatlarynda Gaza guran hüjümlerinde iki dogan bilen birlikde 3 palestinli ýogalypdy, 4 adam hem ýaralanypdy.

Palestiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Ysraýyl 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda güýje giren hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyga garamzdan 691 adamyň ýogalmagyna, 1876 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy başladan hüjümlerinde 72 müň palestinli ýogaldy, 172 adam ýaralandy.

Hüjümler sebäpli sebitiň infrastrukturasynyň 90 göterimi hatardan çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly öldi, ençeme palestinaly ýaralandy
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde alty adam ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde 3 palestinli ýogaldy
Ysraýyl Gazada ýene-de 12 palestinlini öldürdi
Ysraýyl Gazany bombalamaga dowam edýär