Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde 3 palestinli ýogaldy

Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde 3 palestinli ýogaldy

Lukmançylyk çeşmeleriniň we şaýatlaryň berýän maglumatyna görä, Ysraýylyň Gaza şäheriniň gündogaryna guran dron hüjüminde 3 palestinli ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň Gazanyň gündogarynda ýerleşýän Tuffah etrapçasyna guran howa hüjüminde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň şäher merkezindäki Al Ahli Baptist hassahanasyna we şäheriň günbatarynda ýerleşýän Al Şifa hassahanasyna getirlendigi nygtaldy.

Şenbe güni hem ertiriň irki sagatlarynda Gazanyň merkezinde bir ulaga guralan hüjümde 1 adamyň ýogalandygy, 3 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Şertler agyrlaşýar

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Ysraýyl ylalaşygy bozmaga dowam edýär.

Ysraýylyň hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan guran hüjümlerinde häzire çenli 700-den gowrak adam ýogaldy, 2 müň adam hem ýaralandy.

Gazada 2 ýyl dowam eden Ysraýylyň genosid söweşi 72 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna 172 müň adamyň hem ýaralanmagyna sebäp boldy.

Hüjümler sebäpli Gazanyň infrastrukturasynyň 90 göterimi hatardan çykaryldy.

BMG Gazanyň gaýtadan dikeldiş etabynyň gymmatynyňortaça 70 milliard dollara barabar boljakdygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Gazada guran hüjümlerinde 9 palestinalyny öldürdi
Ysraýyl Gazada 3 adamy öldürdi
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy
Ysraýylyň Gazanyň merkezindäki ýaşaýyş jaýyna hüjüm etmegi netijesinde ýedi palestinaly ýaralandy
Ysraýylyň Gazada guran hüjüminde üç adam ýogaldy