Ysraýyl Gazada 3 adamy öldürdi

Ysraýyl Gazada 3 adamy öldürdi

Gaza raýat goranyş guramasy, Ysraýylyň düýn gije Han Ýusuna guran hüjüminde üç adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ysraýyl 10-njy oktýabrda gazanylan ylalaşyga garamazdan Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

Gaza raýat goranyş guramasynyň metbugat sekretary Mahmoud Bassal, “Ysraýylyň Gazanyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunusyň demirgazyk günbatarynda al-Amal etrapçasyna ýary gije guran hüjüminde 3 adam ýogaldy” diýdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýogalanlaryň arasynda durmuş toýy üçin taýarlyk görýän Darwiş al Attalyň hem bardygyny habar berdi.

Şäheriň demirgazyk günbatarynda guralan hüjümde hem köp sanly adam aýralandy.

Ysraýyl ylalaşygy bozmaga dowam edýär

Soňky hüjümler Ysraýylyň oktýabr aýynda hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygy bozmaga dowam edýändigini görkezýär.

Gazadaky hökümet tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň häzire çenli ylalaşygy 2400 gezek bozandygy nygtaldy.

Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan guraýan hüjümleri 770 palestinliniň ýogalmagyna we 2 müň 171 adamyň hem ýaralanmagyna sebäp boldy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başladan we 2,5 ýyl dowam eden genosid söweşinde 72 müňden gowrak adam ýogalypdy, 172 müň adam hem ýaralanypdy.

Hüjümler sebäpli Gaza harabalyga öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gazada asuda ilata hüjüm guramaga dowam edýär
Çemen Annaberdiýewanyň Şahyryň gyzy eseri
Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy bedew batly öňe barýar Diýarym
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran sapary barada
Ösüşleriň ýoly bilen