Ösüşleriň ýoly bilen

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý taryhy we medeni mirasy ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýär.Ata babalarymyz bilimli, edepli we zähmetsöýer bolmagy ynsanyň iň uly bezegi hasaplapdyrlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler örän giňdir.Döwrebap mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar, ylmy merkezler, elektron maglumat ulgamlary ýaşlaryň hyzmatyna berilýär.Bu mümkinçilikler ýaşlaryň diňe bir bilim almaklaryna däl, eýsem öz ukyp başarnyklaryny ösdürip, geljekde ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmeklerine hem uly ýardam berýär. Ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Goý, olaryň döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Ýaş binagärler diplom işlerini goradylar
Ylym gymmatly hazyna
Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy bedew batly öňe barýar Diýarym
Bedew bady bilen halypadan şägirde uzaýan ylham
Çagalaryň oýun bäsleşigi
Ak sandygym açyldy, içinden nur saçyldy