Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda Ak sandygym açyldy, içinden nur saçyldy ady bilen medeni çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler bagtyýar ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn hem-de medeniýetli dynç almaklary ugrunda birnäçe aladalaryň edilýändigini, olaryň abadan, parahat, asuda durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemme taraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim terbiýe almaklary üçin uly işleriň amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halk döredijiliginiň iň meşhur ýörgünli görnüşi bolan türkmen halk ertekileri ata-babalarymyzyň paýhasy siňen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nesilleriň edep mekdebine öwrülen, ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin beýan etdiler we birnäçe ertekilerden çagalar bilen sorag-jogaplar alyşdylar. Çäräniň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
