Aşgabatda Magtymguly operasynyň görkezilişi boldy

Aşgabatda Magtymguly operasynyň görkezilişi boldy

Aşgabadyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly operasynyň görkezilişi boldy.

Opera teatryň sahnasynda ilkinji gezek 2012-nji ýylda goýuldy. Häzirki wagtda bolsa teatryň döredijilik işgärleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde operany Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gaýtadan sahnalaşdyrdylar.

Operanyň ähli partiýalaryny (seslerini) konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary ýerine ýetirdiler: Magtymgulynyň partiýasyny Begenç Maşiýew (tenor), Meňliniň partiýasyny Arzygül Gylyjowa (soprano), Döwletmämmet Azadynyň partiýasyny bolsa Begenç Gaýypow (bariton) ýerine ýetirdi.

Belläp geçsek, ilkinji gezek operanyň sazyny Ýuliý Meýtus ýazdy, onuň librettosy bolsa Alty Garlyýew we Berdi Kerbabaýew tarapyndan ýazyldy.

Operanyň taýýarlanmagynda goýujy-režissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň, goýujy-hudožnik Mekan Annamyradowyň, dirižýor we hormeýster, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gurban Babaýewiň tagallalary uludyr diýip, Türkmenistan: Altyn asyr internet neşiri habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Altmyşynjy ýyllaryň 'gyzly' goşgulary twitter döwrüniň kemsitmelerine garşy 'göreşýär'
Aşgabatda Arkaç atly operanyň ilkinji görkezilişi boldy
Akyldaryň okan mekdebi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Belentden ýaňlanan owazlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda