Altmyşynjy ýyllaryň 'gyzly' goşgulary twitter döwrüniň kemsitmelerine garşy 'göreşýär'

Altmyşynjy ýyllaryň 'gyzly' goşgulary twitter döwrüniň kemsitmelerine garşy 'göreşýär'

Arada twitter ulanyjylaryň biri (@birayliz): “Bir kyz çocuğunuz olsa ismini ne koyardynız?” diýip sorapdyr.Gysga wagtda müňlerçe laýk goýlan twite gyzlarynyň atlaryny aýdyp, suratlaryny paýlaşan twitçileriň arasynda türkmenler hem bar. Ýöne olar soraga Halyl Kulyýewiň 1960-njy ýylda ýazan "Arzuw” goşgusy bilen jogap beripdirler.

Bu goşgudaky pikirler türkmen twitçileriniň ýadyna soňky döwürde Türkmenistanda aýal-gyzlara edilýän basyşlaryň güýçlenmegi, köpçülik ýerinde aýalyny urýan türkmeni görkezýän wideonyň döreden aladalary sebäpli düşen bolmaly. Ýöne Halyl şahyryň gyz we onuň şatlygy, onuň her bir işde gorkmazlygy barada 60 ýyldan gowrak öň eden arzuwy şu günki günde gyzlar we batyrlyk terbiýesi baradaky ideýany öňe sürýän tanymal amerikan ýazyjysyň hem arzuwy bolup durýar.

Bu arzuw Annasoltan Kekilowa, Gurbannazar Ezizow ýaly şahyrlaryň hem arzuwy bolupdy. Şu aralykda türkmenleriň täze nesli twitterde gender deňligi baradaky 'çekişmelerini' dowam etdirýär.

Twitter ulanyjy Azat Amanyň paýlaşan bendi Halyl Kulyýewiň gyz çaga bolan mähirden, hormatdan doly goşgularynyň iň köp ýatlanýany bolsa gerek:

“Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna,

Goý, ol mydam bahar ýaly şat bolsun.

Her bir işde gorky düşmän ýadyna,

Bagtyýar ýaýnasyn, gorky ýat bolsun.” Azat Aman (@azatamanov)

Ikinji bir twitçi, asýa (@merw89) bu setirleri biraz üýtgedip, şeýle diýipdir:

“Gyzym bolsa, Asýa dakjak adyna,

Goý, ol mydam Asýa ýaly giň bolsun.

Her bir işde gorky düşmän ýadyna,

Haklaryn gorasyn, gorky ýat bolsun.”

Belki-de, twitçiler türkmen sowet şahyrynyň, bir tarapdan kompartiýa talaplarynyň aşagynda, ikinji tarapdan konserwatiw türkmen däpleriniň arasynda galyp, “Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna” diýip, 1960-njy ýylda eden arzuwyna geň galandyrlar, üçünji tarapdan onuň öz gyzynyň hakyny goramagy, gorkmazlygy barada gürrüň edip bilişine buýsanandyrlar.

Bu setirleriň şu günki günde, Türkmenistanda gender deňligi meselesiniň gaýtadan gün tertibine gelen wagtynda ýatlanmagy tötänlik bolmasa gerek.

Şahyryň "Her bir işde gorky düşmän ýadyna, Bagtyýar ýaýnasyn, gorky ýat bolsun” diýip eýdän süýji arzuwyna biraz soň, günbatardaky gyz terbiýesi we batyrlyk aladalarynyň çäginde, gürrüňiň aýagynda dolanarys.Bile okan kursdaşlarynyň, birnäçe okuwçysynyň gürrüň bermeklerine görä, Halyl Kulyýew ýaşlygyndan gyzlaryň okadylmagynyň, ýygralykdan, çekinjeňlikden çykmagynyň tarapdary bolupdyr, şonda olaryň çagalarynyň hem sowatly, batyrgaý, pikir edýän zadyny açyk aýdyp bilýän adamlar boljakdygyna çyndan ynanypdyr.

1980-nji ýyllaryň edebi nesli, 1970-nji ýyllaryň aýagynda Halyl Kulydan ders alan, onuň goşgularyny ýat tutan studentler şol wagt bu şahyryň onlarça goşgusyny ýatdan bilýärdi, ýöne onuň gyzlar we batyrlyk, olaryň hak-hukuklary baradaky pikirleriniň 60 ýyldan soň has-da möhüm görünjegi hakynda pikir etmeýärdi.

Şahyr, şol wagt hem, aýdylmagyna görä, döwürdeşleri Annasoltan Kekilowa, Gurbannazar Ezizow dagy ýaly, “birazajyk feminst meýilli” bolupdy, bu onuň gyz-gelin temasyndan ýazan o diýen adaty bolmadyk goşgularynyň setireleriniň arasyndan “gygyryp dur”.

Ol gyz perzent barada ozal poeziýada kän aýdylmadyk sözleri aýdypdyr, has mähirli, has sylag-hormatly we gyzynyň aladasyny gaty aňyrdan edýän ata bolupdyr:

"Kümüş dek gupbaly ala daglaryň,

Gatbar-gatbar buzlaryny eretsin.

Çyn bezegi bolup goýry baglaryň,

Sil akdyryp, çölde umman döretsin.

Tisginmän aňzakdan, çekinmän gyşdan.

Sähralarda gül gögerdip, bag eksin.

Ýaýdanmasyn, başy çyksyn her işden,

Ýadamazdan zähmet çeksin, der döksün.

Isle alym bolsun, isle-de daýhan,

Yhlasly darasyn söýen zadyna.

Her ýerde bahar dek bolsun şadyýan,

Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna.”

Aýdylyşy ýaly, her bir şahs, şol sanda şahyr hem öz döwrüniň ogly bolýar.Emma şahyrlar käte öz döwründen öňräk gidýär we, düşünişmezlik, köplügiň ýa-da häkimiýetleriň öz deňine galyp bilmezligi zerarly, kähalatda kän ejir çekmeli bolýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Halyl Kulynyň kursdaşy we kärdeşi bolan başga bir edebiýatçy, şahyr Nazar Gullaýew muny diriliginde dabanyndan soýlan orta asyr şahyry Nesiminiň ömrüniň we döredijiliginiň mysalynda düşündirmäge çalyşýardy.

Halyl şahyryň heniz dogulmadyk Bahar gyzyna at saýlap goýan wagty, il içinde gyzyna Bessir, Doýduk...adyny dakýan adamlar az däldi, Ogulgerek, Ogulsoltan, Ogulnabat, Ogulbossan... ýaly atlar bolsa adaty, “gül ýaly” atlar hasaplanýardy.

Emma şahyr eýýäm şol wagt dünýä jägildäp inen gyzjagaza “sen däl, bize ogul gerek” diýilmegini gaty görüpdir, bu “adalatsyzlyk” ýa “gödeklik”, “yzagalaklyk” bilen, beýlekilerň edişi ýaly, sessiz ylalşyp bilmändir.

“Özlerine ogul gerek bolaýsa,

Gyz hem bolsa, Ogulgerek diýerler.

Gundaglyja aglap ýatan bäbegi,

Ogulgerek, oglum diýip söýerler.

Şonuň üçin dünýä inen badyna,

Ogulgerek dakypdyrlar adyna...”

Elbetde, Halyl Kuly aňrybaş derejede sypaýy, edep-ekramly, uly bilen uly, kiçi bilen kiçi bolup bilýän şahyr hökmünde tanalaýrdy. Şonuň üçin ol “Ogul hem gerekli, Ogulgeregem” diýýär, “Gyzjagazlar dogsun ekiz-ekizden” diýip, konserwatiw jemgyýete o diýen mahsus bolmadyk arzuw edýär.

Indi seredilip oturylsa, onuň feminstligi “Dünýägözel” goşgusynda hem açyk görünýän eken:

“Haýran galýan garap-garap,

Beýdip kime ýaranjak sen?

Ýaşmak bilen agzyň sarap,

Bürenipsiň bürenjek sen...”

Şahyryň bu goşgusy onuň otlynyň üstünde duşan obadaşy, “ygtyýaryny aldyran”, “arzuwlaryndan aýrylan”, “tämiz howadan ine-gana dem almaýan” gelin hakynda.Ol onuň wagonyň aýnasyndan daşaryk göz aýlamagyny, dünýä seretmegini isleýär, “Seret, uýam, töweregňe, Durmuş gözel, dünýä gözel” diýýär.

Bu goşgynyň ýazylan wagty goňşy Eýranda hem aýal-gyzlar edil häzirki ýaly çadyra geýmäge mejbur edilmeýärdi, hijabyny düzüw geýmändigi üçin tussag edilen we şol ýerde ölen gyzyň haky üçin protest bildirip, çadyralaryny otlamaýardy.

Halyl şahyryň “Gam çekme, uýam” atly goşgusy bolsa, täze döreýän mümkinçilikler esasynda aýal-gyzlaryň okuw-bilime ymtylmagy bilen, konserwatiw ene-atalaryň “Aýal okap, kazy bolmaz, köpek ýüwrüp, tazy bolmaz” diýen nakyla iki eli bilen ýapyşan döwrüniň önümi bolup görünýär.

“Sen okuw gaýtdyň...

Seniň hossarlaň

Senden geçýändigin etdiler aýan.

“Atam-enem menden geçdiler diýip,

Özüň ýalňyz saýyp, gam çekme, uýam...”

Şahyr onuň “aglamaly gyzlardan däldigini”, “namysyň-erkiň, utanjyň-haýaň eliňdekä” aglamagyň “aýyp boljakdygyny” aýdýar.

“Gawun gawundan reňk alar” diýipdirler. Halyl şahyryň söwer dosty Gurbannazar Ezizow bu hili "uýa” gaýgysyny, okuwa gaýdan gyz bilen däl, “Görmeksiz gyz” bilen paýlaşýar:

“Aglama, gyz! Uýajygym, gam çekme,

Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden.

Bu howlukmaç ýigitlere at dakma,

Kim geçenok öz bagtynyň deňinden...”

“Umydyna büdräp barýan” gyzyň deňinden geçip barýan ýigitler “öz owadan gyzlarynyň ýanyna howlugýarlar”, käbir gyzlar bolsa, görmeklerini artdyrjak bolup, onuň bilen surata düşýärler. Şahyr bu gyza “Owadan dogulma, bagtly dogul” diýýän dul aýalyň ykbalyny mysal getirýär, “Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek, sada bol aýlaryň doguşy ýaly” diýip, şeýle gaýalara hyýal edýän ýigitleriň entek bardygyny ynandyrmaga çalyşýar.

Boýun almaly, Gurbannazar Ezizowdan öňem, soňam hiç bir türkmen şahyry “görmeksiz”, “tylla ýüzük dek ýolda, gum içinde galan sadalygyň” aladasyny etmändi we edenok.

Gurbannazar Ezizowyň “Dört gyzym, dört nury didäm” diýip başlanýan “Gyzlaryma”, gyzlary Ýazgül bilen Arzygüle bagyşlap ýazan goşgulary bolsa, onda gyz perzende bolan hormat-sylagyň, söýginiň, belki, türkmen şahyrlarynyň arasynda, şu wagta çenli iň çuň we näzik açylan nusgasy bolsa gerek diýýärsiň.

"Ýigit kimin, bir är kimin,

Iliň-günüň hoşy boluň.

Adyňyz-abraýyňyz bilen,

Bir hataryň başy boluň.

Oguldan ýanyp ýörenler,

Çeke-çeke ahy-zary,

Diýsin sizi ýüze sylyp,

“Wah, gyz dogsa, bolmaýarmy!”

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başynda başlanan we 2006-njy ýylyň aýagyna çenli dowam eden “neşe başagaýlygy” döwründe öýleriniň goşlaryny satyp, bu hili sözleri diýdiren, türmelerde goş basan “goç ogullar”, gynansak-da, az bolmandy.

Şahyr we dört gyzyň kakasy bolan, her näçe ogul küýsän hem bolsa, Gurbannazar Ezizow üçin, goşgularyndan görnüşine, ogul ýa gyz meselesi däl, ilkinji nobatda çaga we terbiýe meselesi bolupdyr. Ol:

“Utanmaň!

Gizlemäň ýüzleriňizi,

dymmaklygy, ýygralygy owradyň!

Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi,

Çagaňyza aýtmaklygy öwrediň!” - diýýär.

Bu ýerde diňe bir aýal-gyzlara raýdaşlyk däl, dürli meseleler baradaky "dymyşlygyň, adamlaryň öz edýän pikirlerini aýtmakdan saklanmagynyň jemgyýetde döredýän problemalary, gorkaklyk meselesi" baradaky alada hem bar. Şahyr “ilki dymyp, geçip onuň deňinden, soň tankyt edere adam döredýäs” diýýär. Onuň pikiriçe, esasy mesele dymmazlykda, öz söýgiňde gazaply bolmakda!

Bu pozisiýa türkmen jemgyýetiniň garaşsyzlykdan soň meýletin-mejbury ýagdaýda saýlap alan “dymmak” ýa-da bir adamyň dolandyryşyna doly boýun bolmak ýörelgesine ters gelýär we, Azatlyk bilen dürli döwürlerde açyk we anonim şertde gürleşen edebiýatçylaryň birnäçesiniň pikirine görä, sowet döwründe şahyrlaryň we žurnalistleriň, alymlaryň öňünde goýlan 'gyzyl çyzyk' düzgünlerini has-da berkidýäne meňzeýär.

Türkmen edebiýatynda feminizm we söýgi, ýa-da aýala diňe yşky duýgularyndan garamak meseleleri, belki, indi işlenilmelidir.Sowet döwründe türkmen aýal-gyzlaryny dört diwaryň arasyndan azat etmek, olara ýok diýmegi başarmagy öwretmek, şonuň bilen birlikde aýal-gyzlary traktorçy, kombaýnçy, gurluşykçy etmek hakynda gürrüň edilen bolsa, hakyky adam azatlyklary we hukuklary, diňe aýal däl, erkek hukuklary hem kän çintgelip, çuň we töwerekleýin öwrenilmeýärdi we öwredilmeýärdi.

Has anygy, sowet adamlarynyň partiýa gulak asmakdan başga, beýleki esasy hukuklary, deňlik’ beýleki diýilse-de, hakykatda gözden salynýardy.

Ýöne, türkmen-sowet edebiýatyndaky feminizm başlangyçlary barada gürrüň edilende, türkmen edebiýatyndaky we halk döredijiligindäki söýgi lirikasy bilen feminizm garyşdyrylmaly däl. Ikinji tarapdan, gürrüňi edilýän iki şahyr söýgi lirikasynda-da uly ussatlyk görkezdiler we, belki, geljekde, bu tema aýratynlykda ýüzleneris. Emma olaryň aýal-gyzlar bilen duýgudaşlygy, döwürdeş ýazyjy-şahyrlarynyň köpüsinde duşmaýan raýdaşlygy barada aýdara zat bar.

Käbirleri feminizmiň türkmen medeniýetinde we taryhynda asla täzelik däldigini aýdyp, Görogly dessanynda Görogla akyl-maslahat berip oturan ýeňňesi Gülendam, Agaýunus peri, Harmandäli ýaly aýallary, Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanyndaky Aýnany we beýlekileri mysal getirýär (bu ýerde türkmen aýal-gyzlarynyň azatlygyna bagyşlanan onlarça eser, olaryň aýratynlyklary barada has giň gürrüň edip bolardy, ýöne munuň üçin wagt gerek - Ý.A.). Ýöne bu meseläniň 1960-njy ýyllarda, sowet dikatory Iosif Staliniň ölüminden soň we ony paş eden Nikita Hruşew döwründe emele gelen syýasy maýylganlykda işlenişi biraz başgaça bolup görünýär.

Mysal üçin, Halyl Kulyýewiň "Ulugyz” goşgusynda, bir tarapdan sada, ikinji tarapdan türkmen ýaşlary üçin şu günki günem wajyplygyny ýitirmedik pikirler bar:

“Ýigitlerde bir ýetmez -

Gyz synlarlar gyradan.

Akylyna seretmez,

Alkymyna sereder...

Gözellerde bir ýetmez -

Ýigit saýlar gyradan.

Akylyna seretmez,

Altynyna sereder...”

Türkmen twitçileriniň Halyl Kulynyň gürrüňi edilen goşgusyny ýatlamagynyň bahanasy’ şeýle görmäge türkiýeli twitçiniň gyz ady baradaky soragy bolsa-da, hakyky sebäbi’ bu goşgudaky “Her bir işde gorky düşmän ýadyna, Haklaryn gorasyn, gorky ýat bolsun” diýen pikir bolup görünýär.

Bu çaklama ol goşgynyň Türkmenistanda soňky döwürde aýal-gyzlaryň hak-hukuklarynyň barha kän bozulýandygy barada çykan habarlara, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň käbiriniň özara gürrüňçilikde "Türkmenistanam birnäçe ýyldan Owganystan, Eýran ýaly, aýallara barha ýowuz daraýan ýurt bolaýarmyka?” diýip berýän aladaly soraglaryna esaslanýar.

Türkmen häkimiýetleri, görnüşinden, öz aýalyny ile göz edip ýençýän erkegi däl, türkmengalaly Bägül Annanazarowanyň keç ykbalyndan çen tutulsa, zor bilen alnyp gaçylan we öz janyna kast etmäge çenli ýetirilen gyzyň ölüminde güman edilýän oba oglanyny hem jogapkärçilige çekmekden saklanýar.

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, wezipeli, baý ýa täsirli adamlaryň, olaryň ogullarynyň aýal-gyzlara edýän sütemleri bilen bagly faktlar barada metbugatda ýa resmi derejede hiç hili gürrüň edilmezligi ýurduň ýolbaşçylarynyň düşünjesi we öýde alan konserwatiw terbiýesi bilen bagly.

Şol bir wagtda, aýal-gyzlar meselesi diňe Türkmenistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ýa-da aýal-gyzlara edilýän sütem boýunça ýokary derejelerde durýan Russiýanyň meselesi däl, dünýäniň meselesi.

Halyl şahyryň gyzlar we batyrlyk, gorkmazlyk, olaryň edenli bolmaklary baradaky arzuwyna dolanyp gelýäris.

Tanymal amerikan ýazyjysy, Karolin Polyň (Caroline Paul) “New York Times” neşiriniň bestseller sanawyna giren “Batyrgaý gyz” (The Gutsy Girl: Escapades for Your Life of Epic Adventure) kitabynda we alyp barýan düşündiriş işlerinde gyzlaryň terbiýesindäki konserwatizmden saplanyp, olary aşa goraglamak, gowşak, çekinjeň etmek endiklerine garşy täze endikleri öwrenmek teklip edilýär. Ýazyjy, Halyl Kulyýewden tapawutlylykda, gorkmazlygyň, batyrgaýlygyň hiç bir adam üçin doga berilýän zat däldigini, öwrenilýän, öwredilýän zatdygyny, gyzlary synanyp görmek, öz güýjüne düşünemek, özüni açmak we öňe gitmek bagtyndan, durmuşyň esasy şatlygyndan mahrum etmeli däldigini aýdýar.

Ýazyjy öz çykyşlarynda “gyzlar näme üçin başdan geçirme şatlygyny elden gidirmeli?” diýip soraýar we olaryň edil oglanlar ýaly daşly gaýalardan böküp, ýüpden sallanyp, baglara dyrmaşyp bilýändigini aýdýar, “gyz ony etmeli däl, muny etmeli däl” diýen pikirleriň olary çagalykdan çekinjeň, ýygra, gorkak edýändigini öňe sürýär.

Eger, Halyl Kuly ýaly arzuw etmeli bolsa, soňky onýyllyklarda iňlisi dilini gowy öwrenmek mümkinçiligine eýe bolan türkmen ýaşlary, wagt tapyp, bu kitaby türkmen diline terjime edip, ýaşlykdan, maşgala terbiýesinden öňünde hytaý diwary bolup dikelýän gorkudan geçjek türkmen gyzlarynyň köpelmegine kömek etsediler diýerdim

Ýöne häzirki maddylaşýan dünýäde ene-ata we çaga terbiýesi meselesinde, ozaly öz çagalaryny, biziň gürrüňini eden şahyrlarymyz ýaly, çuň ýürekden söýýän ene-atalaryň gelýän nesliň beýnisini üýtgetjekdigini, şeýlelikde dünýäniň hem özgerjekdigini aýdýanlar hem bar (Charles Raison).

Başga bir pikire görä bolsa, ene-atalaryň köpüsi öz çagasyny hakykatdan hem söýýär, bu mesele däl.Bu hili pikir edýänler dünýäni hormat-sylagly terbiýe ýörelgesine eýerýän nesliň özgertjekdigini ýaňzydýar (Cydney George-Abatecola).

Şu aralykda, türkmenleriň täze, internet asyryndaky nesli gender deňligi baradaky üzlrem-saplam çekişmesini dowam etdirýär.

Türkmen jemgyýetindäki gender deňligi barada indi edilmeli gürrüňleriň temasy hökmünde aýtsak, TEACHER-ME (@MTeacherE)şeýle twit ýazypdyr:

"Şu "gender equality" hadysasyny ýaşlara gowy edip düşündirip biljek Türkmen ýokmy? Çynym bilen aýtýan. Düýn bir gyz "erkekler tight geýsin, dyrnak dakdyrsyn" diýip ýör. Näme sebäpden diýsem "aýallara hormat" diýýä. Beýnisi bekemedik durmuşdan nämä garaşýany belli däl."

Eýsem, bu meseleler boýunça Azatlygyň okyjylary we diňleýjileri näme pikir edýär? Pikirleriňize, bellikleriňize, tejribeleriňizi paýlaşmagyňyza garaşýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Nagyş görki alaja atly söhbetdeşlik
Ene ýörelgesi-edep ýörelgesi
Balkanda prezidentiň ejesiniň we enesiniň propagandasy ýaýbaňlanýar
Mähir siňen nepislik
Arzuwlar siňen alaja atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi