Nagyş görki alaja atly söhbetdeşlik

Nagyş görki alaja atly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Nagyş görki alaja” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli el işlerimiz barada täsirli gürrüňler edildi.Olaryň arasynda ak we gara şeýle-de dürli reňkli ýüplerden işilýän alajalara aýratyn orun berildi.Gözden-dilden goranmak maksady bilen bilege, boýna dakylýan, egin-eşiklere çatylýan, öýüň töründen asylýan, çaga sallançagyna bag edilýän alajalaryň dürli görnüşleri barada hünärmelerimiziň aýdyp beren gyzykly maglumatlary gyzjagazlarda uly täsir galdyrdy.

Eli çeper gyzjagazlar alaja barada ýazylan hekaýalary uly höwes bilen diňlediler.Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek ejäniň Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri bilen işen alajasyny hem-de güjüm agajyndan ýasalan guralyny Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmagy barada şeýle-de külli türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada ýaşajyk okyjylarymyza gyzykly gürrüňler berildi.

Gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Çeper elli gyzjagazlar hem özleriniň eli bilen işen alajalaryny sergide ýerleşdirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli el işlerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Mirziýoýew we Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti bilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldiler, belarus žurnalistleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan mediaforuma çagyryldy we beýleki habarlar
Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy
Ogulgerek Berdimuhamedowa gaýynenesiniň nesillere miras goýan gymmatlyklaryny Döwlet muzeýine gowşurdy
OGULABAT EJÄNIŇ DÖREDEN TÄSIN AMALY-HAŞAM SUNGATYNYŇ NUSGALARY DÖWLET MUZEÝINE SOWGAT BERILDI
SÜNNÄLI YNSAN — DÜNÝÄLI YNSAN
Mähir siňen nepislik