Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi, Halk Maslahatynyň Başlygynyň mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny gowşurandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy.
Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, muzeýde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa we onuň agtyklaryna gadymy döwürlerde döredilen milli ýörelgeler, zenanlaryň el hünäri, şol sanda halyçylygyň taryhy, olar hakyndaky rowaýatlar, halylaryň döreýiş aýratynlyklary, gadymylygy we türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň çeper hünäri barada gürrüň berildi.
Ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa haly dokamagyň özboluşly aýratynlygy, çitimleriniň inçeligi barada gürrüň berdi. Şeýle-de ol haly dokamak sungatyny nesillerine geçirýändigini aýtdy.
Soňra Ogulgerek ene agtyklaryna haly dokamagyň inçe syrlary barada gürrüň berdi. Şeýle-de özüniň uzak ýyllaryň dowamynda dokan halylary, haly gölleriniň her welaýata mahsus aýratynlygy, haly ýüwürtmegiň we ony çitmegiň özboluşly ýollary barada gürrüň berdi.
Soňra muzeýde goýlan halylar bilen tanşylyp, haly önümleri, olaryň çitimleri barada gürrüň edildi.