Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi, Halk Maslahatynyň Başlygynyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny muzeýe gowşurdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ýaş gelin-gyzlar üçin nusgalyk derejesine ýetirilen alajalar mukaddes gymmatlyk hökmünde kabul edildi. Taryhy ähmiýeti bolan waka mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar, ýurduň öňdebaryjy gelin-gyzlary, asylly däbe görä, Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis alajalary üç mertebe ýüze syldylar. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän asylly we dünýä nusgalyk ýörelgeleriň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we dowamata atarylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Şeýle hem bu ýerde guralan taryhy ähmiýetli çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran beýik işlerine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, sportuň dürli görnüşleri we çeper döredijilik bilen meşgullanýan Halk Maslahatynyň Başlygynyň durmuş pursatlaryndan düşürilen surat eserlerine bagyşlanan sergi gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Munuň özi Döwlet muzeýinde guralan çäräniň köptaraply häsiýete eýe bolandygyny görkezdi.