“Türkmen halysy asyrlaryň owazy”

“Türkmen halysy asyrlaryň owazy”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda paýtagtymyzdaky Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen halysy asyrlaryň owazy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza uly üns berilýändigini belläp, haly sungaty bilen ene-mamalarymyz ir döwürlerden bäri meşgullanyp gelendigini, häzirki günlerimize çenli öz owadanlygy, nepisligi, nagyşlarynyň gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan bu ajaýyp sungatyň şu günki günlerimize gelip ýetendigi dogrusynda, haly sungatynyň görnüşleri, oňa salynýan nagyşlarynyň görnüşleri, her nagyşyň aýratyn bir manysynyň bardygy barada bellediler we haly önüminiň dürli görnüşleriniň türkmeniň ak öýleriniň törüni bezändigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bellenilýän toý-baýramlarda gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan nepis halylarymyzyň her bir türkmen öýüniň bezegi bolup durýandygyny bellediler, Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýerleşdirilen ajaýyp halylar barada şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” ýaly ajaýyp kitaplarynyň hem haly sungatyna bagyşlanyp ondaky beýan edilýän dürdäne setirleriň ösüp gelýän ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep bolup durýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler, Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmeniň milli gymmatlyklaryny giňişleýin açyp görkezmäge, ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Reňkleri dillendiren ussat
“Gülle medeniýetim sungatym meniň”
“Magtymguly Pyragy - ynsan kalbynyň öçmejek nury”
Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Dostluk festiwalynyň çäginde türkmen we özbek şahyrlary duşuşdylar
Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri Türki dilli edebiýatyň dürdäneleri eserler ýygyndysyna girizildi