Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy bedew batly öňe barýar Diýarym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy bedew batly öňe barýar Diýarym ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garasyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri halkymyzy çäksiz buýsandyrýandygy, ýurdumyzyň okgunly ösüşleri her bir raýatymyzy döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyryp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerinde atalyk aladalaryň edilýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna, ýaşlaryň döredijiligine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Kitap ynsan kalbynyň genji-hazynasy
Bagtyýar çagalar geljegiň nury
ÝAGŞY DILEGLERIŇ AÝY
HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY
Döwür we elektron kitaphana
Gözel tebigatymyzy goralyň