Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Gözel tebigatymyzy goralyň ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde daşky gurşawymyzy gorap saklamak, ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek, obalarymyzy, şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak saklamak boýunça döwlet ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gyzykly gürrüň berdiler. Şeýle-de durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli milli özgertmeler ähli babatda adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa ugry bilen berk baglanşyklydygy hakynda aýtdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda gözel tebigatymyzyň täsinligini hem-de ülkämiziň biodürlüligini gorap saklamak we dikeltmek boýunça döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
