“Ertekiler dünýäsine syýahat”

“Ertekiler dünýäsine syýahat”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde türkmen halk ertekileri we olaryň gahrymanlary, çagalaryň halaýan, gyzyklanyp okaýan ertekili kitaplary barada gürrüň berdiler. Her bir ertekili kitabyň baş gahrymany, okyjyda uly täsir galdyrýar. Türkmen halk ertekilerindäki “Akpamyk”, “Görogly”, “Ýartygulak”, “Böwenjik”, “Japbaklar” ýaly kitaplar çagalaryň uly söýgüsini gazanandygy, şeýle-de terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň aňynda hem bu kitaplaryň üsti bilen ula hormat, kiçä söýgi, edepli bolmak, dogry sözlemek ýaly gürrüňler, duşuşyklar yzygiderli geçirilip durulýandygy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

“Ertekiler dünýäsi jadyly dünýä”
“Ertekiler ummanyna syýahat”
15.12.2019 | Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
“Dostlugyň jadylygy” halkara onlaýyn bäsleşiginde Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş suratkeşleri ýeňiji boldular
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
Täze teatr möwsüminde tomaşaçylaryň göwnünden turan we täze oýunlar görkeziler, gastrollar göz öňünde tutulýar