“Paýhas çeşmesi” atly kitapdan

“Paýhas çeşmesi” atly kitapdan

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.

Çärede halkymyzyň asyrlarboýy özüniň milli däp-dessurlaryny saklap gelýän, ýaş nesli terbiýelemekde hem şol millilikden ugur alynýandygy, nesillere miras galan bu milliligi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak üçin halk döredijiliginiň ýagny, ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy, şeýle-de “Paýhas çeşmesi” atly kitap hem ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözlerini öz içine alýandygy, atalar sözi we nakyllar halkymyzyň durmuşyny, pähim-paýhasyny, pelsepesini, dünýägaraýşyny, synçylygyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nesilleri terbiýeleýji söz sungatydygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
“Paýhas çeşmesi” kitapdan
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Garaşsyzlygymyzyň nyşanlary ‑ bagtyýar durmuşymyzyň kepili
“Arkadagly medeniýetim, sungatym, Berkarar döwletde artýar gymmatyň” atly maslahat
Paýhas bilim merkezi iňlis dili boýunça tölegsiz sapaklara gatnaşmaga çagyrýar