“Milli oýunlaryň saglyga peýdasy”

“Milli oýunlaryň saglyga peýdasy”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Türkmenstandartlary” Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Milli oýunlaryň saglyga peýdasy” ady bilen sport bäsleşigi geçirildi.

Ýurdumyzda ýaş nesiller, çagalar hakynda uly aladalar edilýär, olaryň sagdyn ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär.Merkezleriň ählisinde çagalary terbiýelemek, olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen kompýuter, surat, küşt-şaşka, düzzüm, aň ösdüriji oýunlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça gurnaklar hereket edýär. Şeýle-de, bu ýerde çagalaryň beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda, olara türkmen milli hereketli oýunlary hem oýnadylýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen sportuny ösdürmäge giň ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Ýüz tylla” ertekisi
Berdi Kerbabaýewiň “Japbaklar” atly kitabyndan
“Paýhas çeşmesi” atly kitapdan
“Ertekiler dünýäsine syýahat”
Arkadagly Serdar bilen bagta barýar ýaş nesiller
Kitaphana ylym parasat ojagy