Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Beýik Serdar nesilleri çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Älem şaýat ýüwrük bedew badyna, Türkmenistan, eziz ýurdum Garaşsyz!
atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewiligini şöhratlandyrýan mukaddeslik bolup, ýurdumyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhyny şöhlelendirýän, Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän ajaýyp baýramlaryň biridigi hakynda beýan etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp ýurdumyzyň, beýik geljegimiziň hatyrasyna alnyp barylýan işler durmuşa geçirilýändigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň peşgeş eden bagtyna çäksiz buýsanmak her bir ynsana mahsusdygy hakynda gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, agzybirligi, parahatçylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
