Türkmen halk ertekilerinden “Bir bar eken”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmen halk ertekileri esasynda “Bir bar eken...” atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.

Geçirilen sesli okaýyşda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde kitaplaryň ornunyň uludygyny, şeýle hem olary ugurtapyjylyga, watansöýüjilige, ündeýän owadan suratlar bilen bezelen kitaplar, şonuň bilen birlikde halk döredijilik eserleri, görnükli alymlaryň, pelsepeçileriň, şahyrlaryň türkmeniň mertebesini beýgeldýän kitaplary hakynda gürrüň berdiler. Çagalara “Bir bar eken...” atly ertekili kitabyndan sesli okap berdiler we şol ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri hakynda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Gözel tebigatymyzy goralyň
Bagtyýar çagalar geljegiň nury
ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI
HALK DÖREDIJILIGITERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY ATLY KITABY ESASYNDA
BAGTYÝAR NESILLERDE BAGTLY PURSATLAR