Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Eziz Watanymyz Türkmenistan ady bilen surat çekmek bäsleşigi geçirildi. Çärede ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilip, tomus paslynda hem çagalaryň dynç alýan pursatlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi hakynda giňişleýin beýan etdiler. Çagalar surat çekmek bäsleşiginde gözel Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, ajaýyp tebigatymyzy, haýwanat dünýäsini wasp edýän suratlary çekip, eserlerinde ulanan reňkleri, many-mazmuny bilen tanyşdyrdylar. Şeýle geçirilýän çäreler ýaş nesilleriň pikirleniş, döredijilik ukybynyň ösmegine uly şertleri döredýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
