Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýar çagalar geljegiň nury” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilmeginde ösüp gelýän ýaş nesliň geljeginiň bagtyýar bolmagyna ýurdumyzyň gözel künjeklerinde rahat dynç alyp wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalaryň yhlasly okamaklary ylmy edebi döredijilik bilen meşgullanyp kämil we ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň isleg arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
