Türkmen halk ertekileri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmen halk ertekileri kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.

Geçirilen sesli okaýyşda ýaş nesillere Türkmen halk ertekileri kitabyndan dostluk-doganlyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik bilen baglanşykly ertekileri sesli okap berdiler we many-mazmuny hakynda giňişleýin düşündirdiler. Şeýle-de kitapda beýan edilen rowaýatlar çagalarda we ýetginjeklerde ynsanperwer duýgularyny we düşünjelerini artdyrmakda uly ähmiýetiniň bardygy hakynda bellediler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Çagalaryň hoş owazy durmuşymyzyň bagt sazy
Älem şaýat ýüwrük bedew badyna, Türkmenistan, eziz ýurdum Garaşsyz!
Gözel tebigatymyzy goralyň
Bagtyýar çagalar geljegiň nury
Türkmen halk ertekilerinden “Bir bar eken”
Kitap adamzat kalbynyň dürdänesi