Kitaphana ylym parasat ojagy

Kitaphana ylym parasat ojagy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda “Kitaphana ylym parasat ojagy” ady bilen gezelenç geçirildi.

Gezelençde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmenleriň kitaba goýýan hormaty aýratyn bellenilmäge mynasypdygy, kitap adamyň ruhy dünýäsine egsilmez güýç-kuwwat berýändigi, şeýle hem Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň ýylyň-ýylyna halkymyza peşgeş berýän ajaýyp eserleri gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýanlygy, barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gezelenjiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag Serdarly eziz Watanym toý toýlaýar Pyragynyň şanyna
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaponiýadaky gämi pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary
Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde kärendesine alyp bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny