Tomusky dynç alşy nähili geçirmeli?!

Welosipedli gezelenç: ulagyň bu görnüşi diňe bir gatnaw üçin däl, eýsem, gezelenç, sport maksatly hem giňden peýdalanylýar. Şol sebäpli welosipediň çagalara, zenanlara, şäherde ýa-da depelik we beýleki ýerlerde sürmek üçin niýetlenen birnäçe görnüşi bar.

Welosiped sürmegiň saglyk üçin peýdasynyň uludygy birnäçe gezek subut edildi.Ýüzmek: ýüzmegiň bedeniň ähli agzalaryny işledýändigi sebäpli, ol iň peýdaly sport görnüşleriniň biri hasaplanýar.Jöwzaly yssyda deňiz kenarynda ýa-da ýörite howuzlarda ýüzmegiň lezzeti başgaça. Ýüzmegi bilmeýän bolsaňyz, ýörite suw-sport desgalaryna gatnap öwrenip bilersiňiz.

Hapa, çuň we belet bolmadyk ýerleriňizde suwa düşmegiň howply bolup biljekdigini ýatdan çykarmaň!Gezelenç etmek: ýurdumyz taryhy we tebigy ýadygärliklere örän baý. Öz ýaşaýan şäherimizdäki ýa-da ýurdumyzyň beýleki ýerlerindäki muzeýlere gezelenç edeniňizde, olara degişli maglumatlary bellik etmegi ýatdan çykarmaň!

Taryhy binalaryň ähmiýeti, haçan gurlandygy, binagärlik aýratynlyklaryny bilmek gyzykly bolsa gerek.Uzak aralyga gezelenje gideniňizde, ony kartadan görmek we ýol belliklerine üns berip, olaryň manylaryny öwrenmek siziň üçin has hem gyzykly bolar.Kitap okamak: ýaş aýratynlygyňyza görä, öz höwes edýän ugruňyza degişli kitap okamak dynç alyş möwsüminiň gyzygyny artdyrar.

Yzygiderli okaýan kitabyňyzdan öwrenen zatlaryňyzy ýa-da gyzykly bölegini maşgala agzalaryňyza ýa-da deň-duşlaryňyza gürrüň berseňiz okamagy has hem söýersiňiz.Kitap okamak söz baýlygymyzy artdyrmaga hem ýardam edýär.Sport bilen meşgullanmak: gowy görýän sportyňyz bilen köpräk meşgullanmak bu ugurda üstünlik gazanmaga ýardam eder.

Munuň üçin ýörite tomusky okuwa hem gatnaşyp bilersiňiz.Saz çalmagy öwrenmek: hünärmenler saza “her milletiň düşünýän ýeke-täk dili” diýip baha berýärler.Haýsydyr bir saz guralyny çalmak aýratyn ukyp talap edýär.

Saz çalnanda, beýniniň köp ýeri birwagtda işleýär.Bu bolsa beýni üçin aýratyn maşk hasaplanýar.Açyk meýdanda oýnamak: arassa, açyk howada hereket etmek rahat uklamaga, işdäňi açmaga, tebigaty we daş-töweregi has ýakyndan öwrenmäge ýardam edýär.

Oýun oýnaýarkaň ylgamak, bökmek, zyňmak, gapmak ýaly hereketler bedeniň ähli agzalarynyň kadaly işlemegini üpjün edýär.Batbörek uçurmak: amatly howa şertleri bolan ýagdaýynda batbörek uçurmagyň aýratyn lezzeti bolýar.Taýýar satyn alnan ýa-da öz ýasan batböregiňizi uçuryp bilersiňiz!Nahar bişirmegi öwrenmek: ulularyň kömegi bilen, nahar bişirmegi ýa-da başga bir tagam taýýarlamagy öwrenip bilersiňiz.

Nahar bişirmegi öwrenmek siziň üçin artykmaçlyk etmez.Görme-görşe gitmek: maşgala agzalaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen bilelikde has köp wagt geçiriň.Ataňyz, babaňyz, mamaňyz, daýyňyz we beýleki garyndaşlaryňyz isle golaýda ýaşaýan bolsun, isle-de uzakda, olara myhmançylyga gitseňiz, hem olary begendirersiňiz, hem-de özüňiz begenersiňiz. Ýaşulylaryň gürrüň berjek ýatlamalary sizde ýakymly duýgulary döreder. Şeýle hem olardan milli däp-dessurlarymyza, gymmatlyklarymyza degişli zatlary öwrenersiňiz.Sagaldyş we dynç alyş merkezleri: elbetde, tomus paslynda ýokarda agzalanlaryň ählisiniň diýen ýaly jemlenýän ýeri bar çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri.

Siz ýurdumyzyň deňiz kenarlarynda, dag eteklerinde we sähralyklarynda ýerleşýän şeýle merkezlerde dynç alyp, sportuň dürli görnüşi bilen meşgullanmaga, täze zatlary öwrenmäge, esasan hem, täze dostlar bilen tanyşmaga mümkinçilik alarsyňyz!

Ýene degişli makalalar

Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek boýunça ylmy duşuşyk
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaponiýadaky gämi pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary
Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde kärendesine alyp bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny