Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde kärendesine alyp bolýar

Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde kärendesine alyp bolýar

Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynyň web sahypasynda habar berlişine görä, döwlet edaralary, hususy kärhanalar we paýtagtyň ýaşaýjylary awtobuslary kärendesine almak üçin elektron görnüşde ýüz tutup bilerler.

Habarda hususy kärhanalara we raýatlara sargyt esasynda awtobuslarda ýolagçy gatnawyny amala aşyrmak hyzmatynyň töleginiň sagatda 130 manada, döwlet edaralary üçin bolsa 80 manat mukdaryna barabardygy bellenilýär. Awtobuslary kärendä almagyň iň gysga möhleti 1 sagatdyr.

Ýüz tutma habarnamasy ulagyň berilýän wagtyndan azyndan 24 sagat öň iberilýär. Awtobusy belläp goýmak üçin bolsa öňünden töleg geçirmelidir. Şeýle-de awtoulagyň iberilýän ýerine gelmegi we yzyna gitmegi üçin hem töleg tölenýär.

Saýtda ýüztutmany girizmek üçin sargydyň şertlerini üns bilen öwreniň we Ознакомился/Перейти к оформлению düwmelerine basyň.

Awtobusy haýsy çäreler üçin kärendesine alyp bolýar?

Gezelençleri guramak, işewürlik ýygnaklary, maslahatlar, işgärleri daşamak, şol sanda korporatiw çärelere hyzmat etmek.

Müşderilere ýardam etmek gullugyna hemişe ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 44-33-90; (+993 12) 44-33-91; (+993 12) 44-33-59.

Ýene degişli makalalar

Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaponiýadaky gämi pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmen türmelerindäki 'aýylganç dünýä'