Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Ýüz tylla” ertekisi

Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Ýüz tylla” ertekisi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan okyjylaryň arasynda Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Ýüz tylla” ertekisinden sesli okaýyş geçirildi.

Çärede tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen Gökdere jülgesindäki köpsanly sagaldyş we dynç alyş merkezleri körpelere hyzmat edip, ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň şadyýan sesleri çar ýana ýaň salýar.

Olaryň her güni ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara, gezelençlere aýdym-sazly, gyzykly bäsleşiklere, çagalaryň isleg bildirip okaýan birnäçe türkmen halk ertekileri ýaly başgada birnäçe kitaplary çagalaryň hyýaly pikirlenmesini baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Şeýle-de ertekileriň üsti bilen körpelere ýagşylygy ýaýyp, ýamany ýazgarmagy öwredilýändigi, olardan “Türkmen halk ertekilerinden “Ýüz tylla” ertekisinden hem eýerçi ussanyň ýekeje ogly Mämmediň keşbi hem dogruçyllygy, özüne mynasyp hünär saýlamaga bolan höwesi, ene-ata bolan hormaty, özüňe bolan ynamy artdyrmakda özüniň aýratyn täsiriniň bardygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň beýik geljegini ýaşlara ynanýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri, hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Berdi Kerbabaýewiň “Japbaklar” atly kitabyndan
Arkadagly Serdar bilen bagta barýar ýaş nesiller
Kitaphana ylym parasat ojagy
“Ertekiler dünýäsine syýahat”
“Paýhas çeşmesi” atly kitapdan
“Milli oýunlaryň saglyga peýdasy”