HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 76njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkyň saglygy ýurduň baýlygy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda sagdyn nesil kuwwatly Watan, beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil we belent maksatlara okgunly ýaşlarymyz döwletimiziň sarsmaz sütüni bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdumyzda milli gymmatlyga öwrülmegi rowaçlyklaryň we ösüşiň iň ygtybarly kepili bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikler barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýänligi, dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilişini, olaryň melhemlik häsiýetlerini ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkyna ýetirenligi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Türkmenistan Watanymyzda raýatlaryň eşretli, bagtyýar, sagdyn durmuşda ýaşamaklary, esasan hem ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmekleri, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekligi babatda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik
Şadyýan nesilleriň ýurdy
Älem şaýat ýüwrük bedew badyna, Türkmenistan, eziz ýurdum Garaşsyz!
Çagalaryň hoş owazy durmuşymyzyň bagt sazy
Eziz Watanymyz Türkmenistan
Akyl hazynasy