Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde okuw-tejribeçilik sapaklaryny geçýän talyplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri ýaş nesillerimiziň bilimini artdyrmakda, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda, zähmetsöýerlik, Watana, halka wepalylyk ýaly milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy hakynda beýan etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eseriniň many-mazmuny hakynda we eseriň “Watan-enäniň kalby” atly bölümindäki mähriban ene-atalaryň we halkymyzyň ömür ýoly, Watana bolan söýgi hem-de mukaddes maşgala ojagy hakynda çuňňur beýan edilýän manyly setirlerden giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Şadyýan nesilleriň ýurdy
Älem şaýat ýüwrük bedew badyna, Türkmenistan, eziz ýurdum Garaşsyz!
Çagalaryň hoş owazy durmuşymyzyň bagt sazy
Eziz Watanymyz Türkmenistan
Akyl hazynasy
Kitap adamzat kalbynyň dürdänesi