Şadyýan nesilleriň ýurdy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda Şadyýan nesilleriň ýurdy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çagalary milli ruhda terbiýelemek we olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen kitaphana, kompýuter, daşary ýurt dilleri, çeper eller, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty, sport oýunlary futbol, woleýbol, basketbol, küşt ýaly görnüşleri boýunça gurnaklar hereket edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara “Türkmen halk ertekileri” atly kitabyndan “Ady bar-da özi ýok”, “Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat”, “Akylly Ahmet” ýaly birnäçe ertekileri okap berdiler we olarda beýan edilýän ruhubelentlik, ahlak-päklik, edermenlik, birsözlülik, wepalylyk ýaly asylly häsiýetleriň özlerinde galdyran täsirleri hakynda sorag-jogap alyşdylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik
Akyl hazynasy
HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY
Döwür we elektron kitaphana
Gözel tebigatymyzy goralyň
Bagtyýar çagalar geljegiň nury