Ylym gymmatly hazyna

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ylym gymmatly hazyna” ady bilen sergi gurnady.Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky ösüşleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz uly sepgitlere tarap ynamly öňe barýar.

Jemgyýetiň hem-de adamzat durmuşynyň her taraplaýyn ösmeginde ylym bilimiň orny örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan kämilleşmegi üçin bu ulgama aýratyn üns berilýär.

Döwrebap tehnologiýalar we multimediýainteraktiw usullary okadyş işine işjeň ornaşdyryp, ýokary derejeli hünärmenler ýetişdirilýär.Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ylym we tehnologiýalar geljekki ösüşlerimiziň esasy sütünleri hökmünde kesgitlenildi.

Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň we mümkinçilikleriniň has-da giňelmegine ýol açdy.Ylym-bilime sarpa goýmak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbidir we munuň taryhy köklerini biz Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerinde hem görýäris. Şu günki günde şol ajaýyp ýörelgeler ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde mynasyp dowam etdirilýär.

Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi.Mundan başgada ylym bilen bagly edebiýatlar ýerleşdirildi.Kitap sergisi her bir okyjylar üçin edebiýatlary görmäge, öwrenmäge mümkinçilikler döredildi.

Ýene degişli makalalar

Ýaş binagärler diplom işlerini goradylar
Ösüşleriň ýoly bilen
Çagalaryň oýun bäsleşigi
Kitap dostlugyň açary
Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr
Ak sandygym açyldy, içinden nur saçyldy