Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 109-njy çagalar bakja-bagynda “Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr” atly körpeje çagalaryň arasynda çeper okaýyş we göçme kitap sergisi geçirildi. Çeper okaýyşda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden labyzly okap berdiler.

Bakja bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsi diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag jogap alyşdylar.Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinde giňişleýin gürrüň berildi.Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy.

Kitaphana işgärleri tarapyndan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Kalplary ýakynlaşdyran medeni baýramçylyk
Kitaphana syny
Ilçi Döwlet kitaphanasy bilen tanyşdy
Ylym paýhas çyragy
Bagtyýar nesilleriň nagmalary
KITAPHANA SYÝAHAT