Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýyl ýurdumyzda bellenilýän 12-nji iýun Ylymlar güni mynasybetli “Ylym paýhas çyragy” atly söhbetdeşligi geçirdi.Islendik döwletiň ösüşi we kuwwaty onuň medeni-ykdysady ösüşi, oýlap tapyjylygyň, ylmyň ösmegi bilen kesgitlenilýär.
Kitaphanalar medeniýet ojagy bolmak bilen çäklenmän, olar ylmy-habar beriş merkezi, ýagny halkyň diňe bir ruhy, medeni we taryhy mirasyny däl, eýsem bütindünýä ylmyna degişli edebiýatlary toplamakda, saklamakda we olary okyjylara ýetirmekde uly işleri alyp barýar.
Türkmenistanda ylym we kitaphana ulgamy bütewi elektron ulgama geçip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýan gymmatly bilim hazynasy hökmünde ösdürilýär.Bu ugurda döwlet maksatnamalary kabul edilýär we işjeň ornaşdyrylýar.Ine şular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ylmyň, innowasiýalaryň soňky gazananlary esasynda kitaphanalaryň işiniň döwrebap ösmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.
