DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENÇ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň işgärleri kitaphana gelen ýaş okyjylara bölüm hakynda giňişleýin gürrüň berip, hazynadaky kitaplary gorap saklamagyň düzgünlerini, okyjylara hyzmat etmegiň tertipleri bilen tanyşdyrdylar.

Gezelenjiň dowamynda bölümiň işgärleri okyjylar bilen söhbetdeşlik geçirip, kitaphanamyza gelip gowuşýan kitaplaryň, gazet-žurnallaryň döwrümiziň toýdur-baýramly günleri barada giňişleýin maglumat berip, okyjynyň ünsini özüne çekmek bilen ýaş okyjylarda uly täsir galdyrdy.

Kitaphana gezelenje gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr
Kitaphana syny
Ilçi Döwlet kitaphanasy bilen tanyşdy
Çagalaryň oýun bäsleşigi
Ylym gymmatly hazyna
Diýarym gül kenarym
Kitap - ruhy hazyna