Kitap - ruhy hazyna

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň” döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatyň çäginde “Altyn asyr ” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.

Söhbetdeşlikde Azerbaýjanyň Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň ylmy kätibi we beýleki görnükli wekilleri, ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň baş redaktorlary gatnaşdylar.Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaba uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda geçirilýän dost-doganlyk döwletleriň medeniýet günleriniň ähmiýeti dogrusynda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry Molla Panah Wagifiň döredijiligi hakynda söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda daşary ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy, medeni ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda alyp barýan uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Türkmenistanyň ylym ulgamynyň işgärlerinden ybarat wekiliýeti Baku şäherine iş saparyny amala aşyrdy
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
11.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly ady dakmak hakynda
Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gulluga çagyrmak möwsümi dowam edýär