KITAPHANA SYÝAHAT

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen Döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary syýahat etmäge geldiler.Talyp-ýaşlar kitaphananyň binagärlik gurluşygy bilen ýakyndan gyzyklandylar.Kitaphananyň hünärmenleri talyplary kitaphananyň özboluşly gurluşyk aýratynlygy, diwarlaryndaky şekilleriň taryhy, okyjy zallarynyň aýratynlygy bilen tanyşdyrdylar.

Kitaphananyň özboluşly binagärçilik aýratynlygy, diwar bezegleri, okyjylar üçin okalga zallary, diwarlary taryhy şekiller bilen bezelen howlusy, binanyň daşky gurluşygy talyplarda aýratyn täsir galdyrdy.Kitaphana syýahada gelen mugallymlar hem-de talyp-ýaşlar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

AHLAK TERBIÝESI YNSAN GÖZELLI
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
Kitaphana syny
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda
KITAPHANALAR PÄHIM-PAÝHASYŇ ÇEŞMESIDIR
KITAPHANAÇYLAR BILEN GEÇIRILEN MASLAHAT