Bedew bady bilen halypadan şägirde uzaýan ylham

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazar Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky, Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany“ ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda we taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz, sungatymyz halkyň ruhy aýnasydyr we millilige öwrülen buýsanjydyr.

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döräp dowam edip gelýän medeni däp-dessurlaryny, sungatyny, edep-ekram kadalaryny öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli medeni çäreler, döredijilik sergileri we maslahatlary geçirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda bir hepdeläp toýlanýan baýramçylyga bagyşlap, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň mugallymy, “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri”, birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Alymjan Işankulyýewiň we Ýelena Işankulyýewanyň bilelikde gurnamagynda “Bedew bady bilen halypadan şägirde uzalýan ylham” atly halypa we şägirt sergisiniň dabaraly açylyşy geçirildi.

A.Işankulyýew ýürdumyzda öz döredijilik äleminde grafikanyň gratografiýa usulynda kagyzyň ýa-da kartonyň ýüzünde işleýän ýeke-täk suratkeşleriň biri hasaplanylýar.Suratkeşiň grafika işlerinde esasan gara-ak we soňky döwürlerde gyzgyn altyn öwüşginli reňkleri ulanyp, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, Garagum sährasynyň owadan tebigaty, taryhy ýadygärliklerimiz, türkmen bedewini we alabaýyny wasp edýän ajaýyp eserleri döretmekde giňden tanalýar.

Meselem onuň “Türkmenistan toýly mekan”, “Idrisbaba”, “Türkmen göreşi”, “Owlak gapdy”, “Daýahatyn kerwensaraýynda dynç alyş”, “Awçy”, “Türkmeniň milli gymmatlygy” ýaly eserleri özüniň aňladýan giň many-mazmunynyň ýitiligi we milli äheňi bilen tapawutlanýar.

Alymjan Işankulyýewiň maşgalasy Ýelena Işankulyýewa hem grafika ugry boýunça Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebinde ýaşlara ylym bilim berýän zenan suratkeşleriň biridir. Ýelena we onuň okadýan okuwçylary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerine gatnaşyp ýokary bahalara, hormat hatlara we diplomlara mynasyp boldylar.

Bu sergide Jennet Hudaýberdiýewanyň “Ýartygulak”, “Ýaryş”, Elnara Saidowanyň “Öňe ymtylyş”, “Taryhyň ýaňy”, “Dostlar”, Aziza Bäşimowanyň “Geçmiş barada gürrüň”, “Guşlar tebigatyň baýlygy”, “Puşkiniň eserleriniň gahrymanlary” atly eserlerde çaga dünýäsiniň içki duýgulary owadan reňkleriň üsti bilen beýan edilipdir.

Bu döredijilik sergisinde halypa suratkeşiň okadýan talyplarynyň çeken surat eserleri şekillendiriş sungatynyň nakgaş we grafika usullarynda çekilip, olarda türkmen tebigatynyň gözellikleri, taryhy ýadygärliklerimiz, dürli öwüşginli milli gymmatlyklarymyz, ýurdumyzyň ösüşleri we dünýä meşhur suratkeşleriň döreden eserleriniň göçürme suratlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak uly täsirleri galdyrdy.

Aýnur Çaryýewanyň “Ajap eýýam gelipdir”, “Keşdeleriň aýdymy”, Aýjemal Şerbaýewanyň “Bedew”, “Ýaşlyk oýlanmasy”, “Alabaý Amyderýanyň ýaraşygy”, “Pyragynyň şygryýet dünýäsi”, Adylhan Şeripowyň “Ene söýgüsi”, Äleme meşhurdyr Türkmenistanym”, “Amyderýanyň gözelligi”, Bägül Bazarowanyň “Halyçy gyzlaryň aýdymy”, “Milli miras”, “Nagyşlaryň taryhy” ýaly birnäçe surat we grafika işleri görkezildi.

Dabaranyň soňunda sergä öz eserleri bilen işeňňir gatnaşan talyplar we okuwçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlar bilen sylaglandylar.

Sergä tomaşa eden myhmanlar sergini gurnamakda uly işleri eden suratkeş Alymjan Işankulyýewe we onuň talyplaryna döredijilik äleminde şular ýaly sergileri gurnap, halkymyza ruhy lezzeti bermekde we şekillendiriş sungatyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işlerinde mydama üstünlikler gazanmaklaryny arzuw etdiler. Şeýle-de Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza we sungatymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde gorap saklamakda we milli ruhynda terbiýelemekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy.

Goý, ýurdumyzda alnyp barylýan belent özgerişleriň we ösüşleriň her bir güni bagtyýar zamanamyzda bedew batly ösüşlere beslensin!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
ŞEKILLERDE JANLANAN BEDEW
27.08.2019 | Samarkant maslahatyndaky çykyş türkmen aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine bagyşlandy
Samarkant forumyna gatnaşyjylar türkmen aýdym-saz medeniýetine gyzyklanma bildirdiler
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
UEFA Çempionlar ligasy