27.08.2019 | Samarkant maslahatyndaky çykyş türkmen aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine bagyşlandy

Samarkantda geçirilýän Şark taronalari-2019 (Gündogar owazlary) XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň ikinji gününiň maksatnamasyny Registan Plaza myhmanhanasynda geçirilýän Gündogaryň däbe öwrülen aýdym-sazlaryny ösdürmegiň geljegi atly Halkara ylmy maslahat açdy.

Samarkant gözden geçirilişiniň çäklerinde şeýle forumlary geçirmek asylly däbe öwrüldi.Bu ýyl hem dünýä ýurtlarynyň ençemesine wekilçilik edýän maslahata gatnaşyjylar Gündogar ýurtlarynyň saz ylmynyň taryhynyň we ösüşiniň wajyp meslelelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bu ýere ýygnandylar.

Umumy mejlisiň öňüsyrasynda Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýewiň we Samarkandyň dolandyryş edarasynyň baştutany Boburmirzo Oblakulowyň bilelikdäki metbugat maslahatynda olar Şark taronalari-2019 Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň we oňa gabatlanyp geçirilýän ylmy forumyň konsepsiýasy we medeni-magaryfçylyk wezipesi barada gürrüň etdiler, şeýle hem žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň aýdym-saz we halk döredijiligi bölüminiň müdiri Arslan Salyhow türkmen aýdym-saz sungaty barada çykyş edip, milli aýdym-saz ýörelgelerini saklap galmagyň we ony wagyz etmegiň möhümligi barada gürrüň berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zaman medeniýeti ruhy we çeperçilik tejribesiniň özara baýlaşygyndan kemala gelýär.Onuň çykyşynda gozgalan tema bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.Ylmy maslahata gatnaşyp, onda çykyş edenleriň arasynda aýdym-saz medeniýetiniň taglymatynyň we amalýetiniň meseleleri bilen meşgullanýan Özbegistanyň esasy sazşynaslary, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Hindistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Günorta Koreýanyň we başga-da ençeme ýurtlaryň wekilleri bar.

Iki günlük forumyň çäklerinde tegelek stollarda söhbetdeşlikler geçirildi we tematiki edebiýatlar alşyldy.Halkara forum 28-nji awgustda öz işini tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda sowukda tok, gaz kesilýär; adamlar odun ýakyp ýylynýarlar “Azatlyk” radiosy
Iým ýetmezçiligi mallaryň baş sanynyň azalmagyna getirýär
Aldanan möjek
04.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda