Şahjagazlary ýaňy çykyp ugran owlajyk indi özüni gorap biljegine çyny bilen ynanýardy.Günleriň bir güni agşamara süri örüden gaýdyp başlanda, owlajygyň enesi çekräp, ony ýanyna çagyrýar.
Owlajyk bolsa, enesiniň sesine pitiwa hem etmän, otlamagyny dowam etdirýär.Az wagtdan soň, owlajyk başyny galdyryp seretse, süri eýýäm gözden gaýyp bolan eken.Ine şeýdip, onuň ýeke özi düzde galypdyr.
Gün bolsa, ýaňy batyp barýan eken.Birdenem, onuň gabat garşysynda uzyn kölege peýda bolupdyr.Pessaýja öwüsýän salkyn şemal özi bilen otlaryň şygyrdaýan sesini hem alyp gelýär.Owlajyk bu şygyrdynyň eýmenç möjegiňkidigini aňyp, sandyrap ugraýar.
Ol derrew giň meýdanda enesiniň gözlegine çykyp, zaryn mäläp başlaýar.Birdenem, onuň gözleri alkymynda duran möjege kaklyşýar.Owlak çykalgasyz ýagdaýda galanyny bilse-de, umydyny ýitirmeýär we möjege garap: Möjek aga, meni häziriň özünde bokurdakdan geçirjegiňi anyk bilýän, ýöne iýmeziňden öň ýekeje haýyşym bar. Şony bitiräýseň diýipdir. Hany, aýt bakaly, bitirer ýaly bolsa, bitiräýeris diýip, möjek loh-loh edip gülýär.
Owlajyk delmirip: Hoş owazyň bilen aýdyma hiňlenip berseň, menem soňky sapar tans edip, şatlansam — diýipdir.Teklibi hondanbärsi bolup, gedemlik bilen makullan möjek şam naharyndan öň biraz aýdyma hiňlenenini kemem görmändir. Şeýdip, ol aýdyma zowladyp ugrapdyr, owlajyk bolsa bökjekläp, tans edipdir.Garaňky eýýäm gatlyşypdy.
Agşamyň ümüş-tamşynda möjegiň uwwuldysy arany ep-esli açan sürä hem baryp ýetýär. Çopanyň itleri möjegiň sesine gulaklaryny üýşerdipdirler.Olar munuň möjek şadyhorramlygydygyny dessine aňyp, şol tarapa eňipdirler.
Az salymdan möjegiň barha güýjeýän uwwuldysy tapba kesilýär.Owlajygy taşlap, ýazzyny beren möjek, onuň soňky haýyşyny bitirmek üçin eden söwdasynyň özüni aç goýandygyna ahmyr edýär. Şondan soňra ol bu jelegaýlarda gaýdyp gara bermändir.
Hiç bir zadyň seni maksadyňa ýetmekden saklamagyna ýol berme!
