UEFA Çempionlar ligasy

Täze çärýek finalçylarUEFA Çempionlar ligasynda çärýek finala çykan toparlaryň 4-si belli boldy.Olaryň 2-si ilkinji gezek çärýek finalda çykyş ederler.Ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýan Italiýanyň “Atalanta” topary myhmançylykda-da “Walensiýanyň” torundan 4 gol geçirmegi başardy.

Italiýadaky oýunda 41 hasabynda ýeňiş gazanan “Atalanta” myhmançylykda janköýersiz oýnalan duşuşykda ispan toparyndan 43 üstün çykdy.Italýan toparyna ýeňiş getiren gollaryň 4-sini hem Ýosip Iliçiç derwezä girizdi.

Ol 3-nji we 43-nji minutlarda 11 metrlik jerime urgusyndan, şeýle-de 71-nji we 82-nji minutlarda tapawutlanmagy başardy. “Walensiýanyň” gollaryny bolsa, Kewin Kameiro (21, 51) bilen Ferran Torres (67) derwezä girizdi. Şunlukda, “Atalanta” ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşynda çärýek finala çykmagyň hötdesinden geldi.

Ol ilkinji möwsüminde “Lester Siti”, “Malaga”, “Wilýarreal”, “Deportiwo”, “Lasio”, “Baýer”, “Oser” toparlaryndan soň muny başaran 8-nji klub boldy.Toparyny çärýek finala çykaran Ýosip Iliçiç pleý-off tapgyrynda myhmançylykda 4 gol geçiren ilkinji futbolçy diýlip hasaba alyndy.Londonda “Tottenhamy” 10 hasabynda ýeňen “Leipsig” topary Žoze Mourinionyň şägirtlerinden öz meýdançasynda-da üstün çykdy.

Marsel Sabitser (10, 21) we Emil Forsbergiň (87) gollary bilen 30 hasabynda ýeňiş gazanan nemes topary ilkinji gezek çärýek finala adyny ýazdyrdy.Ol ýaryşyň taryhynda çärýek finala çykmagy başaran 7-nji nemes kluby boldy.

Klubuň 32 ýaşly tälimçisi Ýulian Nagelsman çärýek finala çykan iň ýaş tälimçi hökmünde hasaba alyndy.

Çempion ýaryşdan çykdySoňky çempion “Liwerpul” öz meýdançasynda “Atletiko Madridi” kabul etdi.Madridde mundan 10 aý ozal kubok galdyran stadionynda 10 utulan “Liwerpul” öz meýdançasynda-da “Atletikodan” 32 asgyn gelip ýaryşdan çykdy.

Turuwbaşdan ýer eýeleriniň hüjümleri bilen geçen oýunda “Liwerpula” ýeňiş gazanmak başartmady.Oýnuň 43-nji minutynda iki duşuşygyň netijesi boýunça hasaby deňleýän goly Wiýnaldum derwezä girizdi. 2-nji ýarymda “Liwerpulyň” oýunçylary birnäçe amatly pursatlar döretselerem, olara hasaby artdyrmak başartmady. Şolaryň köpüsinde derwezeçi Ýan Oblak öz ussatlygyny görkezdi.

Has takygy, Oblak 9 takyk urguda derwezesini goldan halas etmegi başardy.Duşuşygyň esasy wagty 10 hasabynda tamamlanyp, goşmaça 30 minut oýnalmaly edildi.Goşmaça wagtda-da “Liwerpulyň” hüjümleriniň sany az bolmady. 94-nji minutda Wiýnaldumyň beren pasyndan soň, Roberto Firmino hasaby 20-a ýetirdi.

Bu hasap “Liwerpulyň” ýaryşy dowam etdirmegi üçin ýeterlikdi.Emma olara bu üstünligini saklamak başartmady. 97-nji minutda “Liwerpulyň” ispan derwezeçisi Adrianyň gödek ýalňyşlygyndan soň, 56-njy minutda oýna giren Markos Llorente tapawutlandy. Ýaş oýunçy 105+1-nji minutda ýene bir gol geçirip, hasaby deňlemegi başardy. Şondan soň, ruhdan düşen “Liwerpul” 120+1-nji minutda Alwara Moratanyň goluna-da alaç tapyp bilmedi. Şeýlelikde, finalçy “Tottenhamdan” soň, çempion “Liwerpul” hem ýaryşdan çykdy. Şeýle-de “Liwerpul” Ýewrokuboklarda 25 oýundan soň, öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy (18 ýeňiş, 7 deňlik). “Atletiko Madrid” bolsa, 1 ýyldan soň, UEFA Çempionlar ligasynda 6-njy gezek çärýek finala çykmagy başardy.Tomaşaçysyz oýnalan duşuşykda PSŽ öz meýdançasynda “Borussiýa Dortmund” bilen duşuşdy. 1-nji duşuşykda 21 hasabynda utulan PSŽ Pariždäki oýunda özüne gerek bolan netijäni gazanmagy başardy.

Duşuşyk 20 hasabynda parižlileriň peýdasyna tamamlandy.PSŽ toparyna ýeňiş getiren gollaryň 28-nji minutda Neýmar bilen 45+1-nji minutda Huan Bernart derwezä girizdi.Oýnuň 89-njy minutynda “Borussiýa Dortmundyň” ýarymgoragçysy Emre Jan gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy. Şeýlelikde, 2 oýnuň netijesi boýunça 32 öňe saýlanan PSŽ 3 ýyldan soň, UEFA Çempionlar ligasynda 6-njy sapar çärýek finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Ýene degişli makalalar

UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
GYSGA SETIRLERDE
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Malym halym