Alwares Golowkini ýeňip, dünýäniň absolýut çempiony adyny saklap galdy

Alwares Golowkini ýeňip, dünýäniň absolýut çempiony adyny saklap galdy

Meksikaly boksçy Saul "Kanelo" Alwares Las-Wegasda geçen başa-baş göreşde gazagystanly Gennadiý Golowkini ýeňdi.

Tutluşyk ähli 13 raund dowam etdi we eminleriň çözgüdi esasynda 32 ýaşly meksikaly türgeniň ýeňşi bilen tamamlandy (116-112, 115:113, 115:113). Şeýlelikde, Alwares ikinji orta agramlykda dünýäniň absolýut çempiony adyny saklap galdy. Bu Alwares bilen Golowkiniň arasyndaky üçünji göreşdir. 2017-nji ýylda boksçylaryň arasynda deňme-deňlik bellige alyndy, 2018-nji ýylda eminleriň çözgüdi bilen Golowkin Alwaresden utulypdy.

Ýene degişli makalalar

Golowkin ýene Alwarezden ýeňildi
Biwol Alwaresi ýeňip, WBA boýunça dünýäniň çempiony titulyny gorady
ESPN: Biwol ýylyň iň gowy boksçysy
Forbes ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawyny yglan etdi
Gysga setirlerde: 15-nji fewralda sport habarlary
Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar