Alýaskada Millionlarça Ýyl Ozal Dinozawrlaryň Ýaşandygy Anyklandy

Alýaskada Millionlarça Ýyl Ozal Dinozawrlaryň Ýaşandygy Anyklandy

Alýaska uniwersitetiniň alymlary, Alýaskanyň günortasynda takmynan 70 million ýyl ozal ýaşandygy çaklanylýan 7 sany dinozawr çagasynyň galyndylaryny tapdylar.

Alym Pat Drukenmiller, tapyndylaryň demirgazykda şu günki güne çenli dinozawr çagalaryna degişli ilkinji delillerdigini beýan etdi.

Drukenmiller dinozawr çagalaryna degişli fosilleriň ýumurtgadan täze çykan görnüşde tapylandygyny aýtdy.

Dinozawrlaryň Alýaskada bir ýyla golaý ýaşandygy çaklanylýar.

Ylmy barlagyň netijesi “Kurrent Biologi” žurnalynda çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Alýaskada dinozawryň aýak yzlary tapyldy
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 5 Adam Ýogaldy
ABŞ-nyň we Hytaýyň Wekiliýetleriniň Gepleşikleri Başlady