Şäheriň ähli ilaty bir jaýda ýaşaýar

Alýaskanyň Wittier şäheriniň ähli ilaty diýen ýaly bir jaýda ýaşaýar.Deňiz kenaryndaky şäherde 14 gatly äpet ýaşaýyş jaýy bar.Dagyň etegindäki jaýyň golaýynda port we ýek-tük kiçiräk jaýlar bar.

Uly jaýyň 300-den gowrak ýaşaýjysy bar.Bu ýerde ýaşaýan Jenessa Lorenz bu täsin ýagdaýy wideo düşürip, ýaýradandan soňra şäher meşhurlyk gazandy.Köp gatly jaý geçen asyryň ortalarynda gurlupdyr.

Binanyň birinji gatynda market, poçta bölümi we beýleki edaralar bar. Üçünji gatda saglyk öýi ýerleşýär. Şäheriň ýeke-täk mekdebine pyýada baryp bolýar.Mekdebiň internet saýtynda jemi 60 okuwçynyň bardygy we ählisiniň şol bir jaýdan mekdebe gatnaýandygy, diňe geçen ýyl uçurym bolan bir okuwçynyň şäheriň daşyndan gelendigi bellenilýär.

Bu şähere beýik dagyň aşagyndan geçýän birtaraplaýyn gatnawy bolan tunnelden ýa-da gämili baryp bolýar. Şäher statusy bolan ilatly nokatda demirýol menzili, kiçiräk aeroport we diňe suwa gonýan uçarlar üçin aýratyn aeroport bar.

Ýene degişli makalalar

Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Alýaskada Millionlarça Ýyl Ozal Dinozawrlaryň Ýaşandygy Anyklandy
"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 5 Adam Ýogaldy
ABŞ-nyň we Hytaýyň Wekiliýetleriniň Gepleşikleri Başlady
Gyşyna ak, ýazyna goňur