Alym: nihoniniň bir gramy tutuş Ýerden gymmat

Alym: nihoniniň bir gramy tutuş Ýerden gymmat

Alymlar bir gramy tutuş Ýerden gymmat bolan jisimi döretmegi başardylar diýip, himiýa boýunça kitaplaryň awtory Maksim Bilowiskiý gürrüň berdi. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Nihoniý bu Mendeleýewiň düzen himiki elementleriň periodik tablisasynda 113-nji element bolup durýar. Bu jisim planetada duşmaýar, ony diňe bölejikleri tizleşdirijiniň kömegi bilen kalsiý-48-den alyp bolýar.

Nihonini almak üçin kalsiý-24 karbonatynyň ionlaryny dargatmak gerek, bu ýagtylygyň tizliginiň 10 göterimine deňdir (sekuntda 30 kilometr töweregi). Hut şu ionlaryň folga bilen çaknyşmagy netijesinde Mendeleýewiň tablisasyndaky 115-nji element bolan moskowini almak mümkin.

0,0000000000000000000000000001 göterim ähtimallyk bilen moskowiniň alfa-dagamagynda nihoniý emele gelýär. Anyk aýdylanda, bu aňrybaş derejedäki radioişjeň jisimiň mikrosekuntda dargaýan atomlarynyň kän bolmadyk mukdaryny almak bolýar diýip, Bilowiskiý gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, nihoniniň bir gramy 157 sesktillion dollara deňdir, bu Zeminiň ähli tebigy baýlyklaryndan gymmatdyr. Emma şeýle jisimi satmak üçin müşderi tapyp bolmaz, sebäbi hiç kimiň bu nyrhy tölemäge mümkinçiligi ýok.

Ýene degişli makalalar

Mekdep okuwçylarynyň halkara üstünligi
17.07.2017 | Innowasiýa: Türkmenbaşydaky NGIZ toplumynda nebit koksundan grafit alyndy
01.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Elementleriň tablisasy nädip döredildi?
23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym