Alymlar: adamlar kart arkaly hasaplaşanlarynda, köp pul harçlaýarlar

Alymlar: adamlar kart arkaly hasaplaşanlarynda, köp pul harçlaýarlar

Söwda edilende, kart bilen hasaplaşykda adamlar nagt hasaplaşykdakydan köp pul harçlaýarlar. Awstraliýaly alymlar şeýle netijä geldiler, olaryň ylmy işi Journal of Retailing žurnalynda çap edildi.

Hünärmenler 17 ýurtda 11 müň adamyň maglumatlary jemlenen ylmy-barlaglaryň 71-si barada makalalary öwrendiler. Olarda sarp ediş çykdajylary we töleg usullary barada maglumatlar bar. Görlüp oturylsa, nagt däl hasaplaşyk çykdajylary artdyrýan ekeni.

Nagt pul ulanylanda, adamlar pullaryny sanamak bilen ony satyja berýärler, bu söwdalaşygy göze ilerlikli edýär. Eger adam has-da gymmatbaha zatlary, mysal üçin, bezeg şaýlaryny satyn alanda kart ýa-da telefon arkaly tölese, onuň üçin pul harçlamak ýeňil bolýar.

Alymlar nagt däl hasaplaşygyň bu täsiriniň wagtyň geçmegi bilen peseljekdigini belleýärler. Munuň sebäbi adamlar kart bilen töleg etmäge öwrenişmek bilen birlikde, has-da tygşytly bolmaga jan ederler.

Ýene degişli makalalar

Siňekler howanyň üýtgemeginiň öňünde arylardan ejiz bolup çykdy
WSJ: ABŞ-nyň Bäşinji flotunyň serkerdesi Aşgabatda gepleşik geçirdi
Daýhan Titanigiň görnüşindäki öý gurdy
ExxonMobil Braziliýanyň kenarlaryndan nebit tapmady
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Saud Arabystany 35 milliard dollara Boeing uçarlaryny satyn almakçy