Alymlar balygyň täze görnüşine pandemiýanyň adyny dakdylar

Alymlar balygyň täze görnüşine pandemiýanyň adyny dakdylar

Kosta-Rikadaky Kokos adasynyň golaýynda alymlar ozal ylma belli bolmadyk aspirin tabletkasynyň ululygyndaky kiçijik balygy tapdylar we oňa pandemiýa itjagazy diýip at berdiler. Bu barada news.mail.ru habar berýär.

Täze görnüş “Zootaxa” žurnalynda ABŞ-daky Skrippsiň okeanografiýa institutynyň alymlary tarapyndan beýan edilýär.Bu görnüşiň adyny alymlar balygyň ýaşaýan ýeriniň örän çäkliligi onuň Kokos adasynyň töweregindäki suwlar bilen çäklendirilýändigi bilen düşündirýärler.

Görnüşi öwrenýän deňiz biology Fil Gastings şeýle çäklendirmäni COVID-19 pandemiýasy döwründäki izolýasiýa bilen deňeşdirdi.Deňiz itjagazlarynyň garyndaşy 15 mm-den köp ulalmaýar.Daşky görnüşi boýunça pandemiýa itjagazy Kosta-Rikadan Ekwadora çenli suw astyndaky merjen gaýalarynda ýaşaýan Coralliozetus springeri balygyny ýada salýar. Ýöne täze görnüşiň žabra gapaklarynda tegmilleri we gözüniň üstünde murtjagazlaryň üýtgeşik gurluşyny görmek bolýar.

Kokos wulkan adasynyň gury ýerleri we suwlary goraghanadyr.Bu ýerde dünýäniň başga hiç bir ýerinde duşmaýan birnäçe haýwan görnüşleri ýaşaýar.

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär
Tebigylyk gözellikdir
Günüň transfer täzelikleri
15 ýaşynda çempion boldy
Sampras bilen deňleşdi
Türkmenistanda içgiler bir ýylda üç esse gymmatlady