Günüň transfer täzelikleri

Fransiýanyň “Marsel” topary “Napoliniň” polşaly hüjümçisi Arkadiuş Miligi transfer etdi. 26 ýaşyndaky hüjümçi fransuz kluby bilen 1,5 ýyllyk şertnama (kärendesine) gol çekişdi. Bu şertnama tamamlananyndan soň “Marsel” topary polşaly hüjümçini 812 million ýewro töläp transfer edip biler. Milik “Gornik Zabrze”, “Baýer”, “Augsburg”, “Aýaks” ýaly toparlarda oýnady. Ol “Napolide” 122 duşuşykda 48 gol geçirdi.

* * *

Moskwanyň “Spartak toparynyň russiýaly hüjümçisi Aleksandr Kokorin mundan soň karýerasyny Italiýanyň “Fiorentina” klubunda dowam etdirer. Oýunçynyň transferi bilen baglanyşykly klublar özara ylalaşdylar. 29 ýaşyndaky hüjümçiniň täze kluby bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşandygy habar berilýär. Transferiň beýleki maglumatlary häzirlikçe belli däl.

* * *

Italiýanyň “Milan” topary “Çelsiniň” iňlis goragçysy Fikaýo Tomorini öz düzümine goşdy. Italýan topary 23 ýaşyndaky goragçy bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine şertnama baglaşdy. “Milan” kluby Tomorini möwsümiň ahyrynda 28 million ýewro berip, ymykly transfer edip biler.

The post Günüň transfer täzelikleri appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär
Tebigylyk gözellikdir
Alymlar balygyň täze görnüşine pandemiýanyň adyny dakdylar
15 ýaşynda çempion boldy
Sampras bilen deňleşdi
Türkmenistanda içgiler bir ýylda üç esse gymmatlady