Alymlar deriniň owadanlygy üçin nähili iýmitlenmelidiginiň syryny açdylar

Alymlar deriniň owadanlygy üçin nähili iýmitlenmelidiginiň syryny açdylar

Münhen uniwersitetiniň alymlary derisi düwürtik hem rozasea ýaly dürli görnüşdäki deri keselleri bolan 296 adamyň gatnaşmagynda barlag geçirdiler. Hünärmenler olaryň iýmitleniş rasionyny, ösüşini, agramyny öwrendiler, şeýle hem glýukozanyň, insuliniň we glikirlenen gemoglobiniň derejesini kesgitlemek üçin gan nusgalaryny aldylar. Bu barada Nutrientse salgylanyp, Mail.ru habar berýär.

Geçirilen barlagyň netijeleri deri keseli bolan adamlaryň iýmitleniş rasionynda gök önümleriň, miweleriň, ýeralmanyň we soýa önümleriniň köp derejede azdygyny görkezdi.

Şol bir wagtyň özünde derisi sagdyn adamlaryň iýmitlenişinde hem et we bal önümleri azlyk edýän eken.

Şunuň bilen birlikde hem, alymlar köp mukdarda süýt önümlerini iýmegiň döşde düwürtikleriň döremegine getirip bilýändigini anykladylar.

Noýba görnüşli önümler, hozlar, zeýtun ýagy, ýagly balyklar, miweler we gök önümler deriniň ýagdaýyny gowulaşdyrmaga kömek edýär. Şeýle hem deriniň sagdyn we owadan bolmagy üçin peýniri, et önümlerini çäklendirmek, alkogolly içgileri içmekden ýüz öwürmek maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar
Fransiýada okuwçylaryň ene-atalary goýunlary synpa ýazdylar
“Bawariýa” 2020-nji ýylyň 6-njy kubogyny-da gazandy
“Bawariýany” terk etjek ýyldyzlaryň sany artýar
“Bawariýany” ýaryşdan çykaran çempion bolýar…