Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl

Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl

Çaganyň häsiýetini ene-atasynyň häsiýetlerinden ugur alyp öňünden kesgitlemek mümkin däl. Köpler Kakasy nähili bolsa, ogly-da şonuň ýaly diýen söze ynanýarlar, sebäbi olar çaganyň häsiýeti barada ene-atasyna garap baha berýärler. Emma Şotlandiýanyň Edinburg uniwersitetiniň alymlary çaganyň şahsy häsiýetini onuň ene-atasyna baha berip, kesgitlemek ýalňyş diýen netijä geldiler.

Bu barada Daily Mail neşirine salgylanýan Mail.ru ýazýar.

Ylmy barlaglara 1 müň adam (ene-atalaryň 500 jübüti) gatnaşdyryldy. Olar özleriniň häsiýetleri, şeýle-de durmuşdan kanagatlanma derejesi barada gürrüň berdiler. Barlaglara gatnaşanlaryň häsiýetleridir endikleri baradaky olaryň ýakynlarynyň hem pikirleri diňlenildi.

Görlüp oturylsa, şahsy häsiýetleriň miras geçijiligi bary-ýogy 40 göterim töweregi eken. Ýagny çagalaryň 60 göterimden gowragy öz ene-atalaryna düýbünden meňzemeýär.

Şeýle-de alymlaryň pikiriçe, çaganyň häsiýetiniň terbiýä hem-de ýaşaýan gurşawyna baglydygy baradaky garaýyş hem ýalňyş bolup çykdy, ýagny ene-atasy bilen bile ýaşamak çagany olara meňzeş etmeýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly alymlar adamyň garrap başlaýan anyk ýaşyny mälim etdiler
Dünýäde iri buzdag 37 ýylda ilkinji gezek herekete geldi
Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi